Prezident Abdulla Gül Türkmenistandaky saparyny dowam etdirýär

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdaky duşuşyklaryny dowam etdirýän Gül türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaralar gatnaşdy

Prezident Abdulla Gül Türkmenistandaky saparyny dowam etdirýär

Prezident Gül Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Tataristanyň Prezidenti Rüstem Minnihanow bilen bedew baýramyna bagyşlanan dabaralaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmen sungat ussatlarynyň çykyşy bilen başlan dabarada türkmen ýigitleriniň at üstündäki hünärleri görenleri haýran galdyrdy.

Dabaralaryň çäginde Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň çapyşygy hem geçirildi.

Abdulla Gül Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikiçäk duşuşyk hem geçirdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar