Türk Daşary Syýasatyna Syn

Türkiýäniň Daşary syýasatynyň 2017-nji ýyldaky netijeleri

Türk Daşary Syýasatyna Syn

Türkiýe Respublikasy 2017-nji ýylda täze ugurlar kesgitledi we şol ugurda netijeli göçümler ýerine ýetirdi. Biz hem gepleşigimiziň bu günki sanynda Türkiýäniň Daşary syýasatynyň 2017-nji ýyldaky netijelerini analiz etmekçi. Atatürk uniwersitediniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň bu günki temamyz bilen baglanşykly analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýäniň Daşary syýasatynyň 2017-nji ýyldaky görkezijilerini kesgitleýän esasy ugurlar şular boldy: Global we sebitleýin derejedäki wakalar, içeri syýasatdaky strukturalaýyn özgerişler, terrora garşy göreş, täze ugurlaryň kesgitlenmegi we olara gönükmek. Türk diplomatiýasy 2017-nji ýylyň ilkinji gününden başlap, ýylyň soňky günlerine çenli oýunyň planlaýjysy pozisiýasyndaky göçümleri bilen, garaşylmadyk hereketler bilen hüjüme geçdi. Diňe sebitleýin derejede däl, eýsem global derejede hem özüniň bardygyny görkezdi. Türk diplomatiýasy 2017-nji ýylda ozaldan mälim bolan ýoldan başga täze ýollara gönükdi. Şol ýollar bilen täze dostlar tapdy we bilelşikler emele getirdi. Mundan başgada bar bolan dostluklardan we alýanslardan käbirleri gözden geçirilmäge başlandy.

2017-nji ýylda Türk diplomatiýasynyň esasy üns merkezi Ýakyn Gündogar boldy. Siriýa bilen baglanşykly wakalar Türkiýäniň daşary syýasatynda kämahallar aýgytlaýjy boldy. Siriýada terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD/ÝPG gün tertibiniň ileri tutulýan ugry ýagdaýyna öwrüldi. Türkiýe terrory gözbaşynda ýok etmegi esas alýan howpsyzlyk konsepsiýasyna laýyklykda Siriýanyň demirgazygyndaky harby güýjüni artdyrdy. Bu ugurda Russiýa we Eýran bilen Siriýa krizisiniň çözgüdi üçin işe girişdi. Siriýa krizisi bilen baglanşykly Türkiýe, Russiýa we Eýran bilen Astana etabyny başlatdy. Türkiýäniň Yrak syýasatynda hem 2017-nji ýylda möhüm üýtgeşikler boldy. Esasan hem Barzaniniň halkara hukuga bap gelmeýän referendum karary soňuň başlangyjy boldy. Referndum geçirilmek baradaky karardan soň Türkiýe, Yragyň merkezi hökümeti we Eýran bilen jemlenip birlik döretdi we sebitdäki deňagramlylygy öz bähbidine öwürdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Iýerusalim bilen baglanşykly kabul eden kararyndan soň Türkiýe täze bir diplomatiýa göçümini başlatdy. Yslam dünýäsi bilen birlikde möhüm diplomatik ädimler etdi. Meseläni BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürledi. Bu mesele Türkiýäniň dowamly häsýetde aýdyp geçýän Dünýä bäşden uludyr garaýyşynyň tassyklanan global bir synag boldy. Mundan başgada Türkiýe Mýanmada arakanly musulmanlara garşy edilen gyrgynçylyga reaksiýa bildirip,  dünýä jemgyýetiniň ünsüni bu meselä çekmäge synanyşdy.

Türk diplomatiýasy üçin 2017-nji ýyl Günbatarly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarda iň kyn döwürleriň biri boldy. Türkiýe ABŞ, ÝB, NATO we Germaniýa başda bolmak bilen Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesi bilen dürli meseleleri başyndan geçirdi. ABŞ bilen Siriýa krizisi, terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky şahasy PÝD-e beren goldawy we FETÖ-niň ýolbaşçysynyň yzyna berilmegi, Ýewropa ýurtlary bilen FETÖ we terror guramasy PKK-a garşy göreş sebäpli dartgynlyklar başdan geçirildi. Günbatarly hyzmatdaşlaryň Türkiýäniň terror guramalaryna garşy göreşinde gerek bolan goldawy bermezligi gatnaşyklardaky meseleleriň başynda gelýär. Türkiýe bu babatda yza ädim ätmedi, soňuna çenli öz hukugyny gorady. Bu babatda berk duýduryşlar bermekden, reaksiýa bildirmekden çekinmedi. Günbatar bilen gatnaşyklar dartgynlaşdy. Beýleki tarapdan bolsa Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda harby pudak bilen birlikde ençeme ugurda hyzmatdaşlyklar edilmäge başlandy. Mundan başgada Türkiýe Wenesuela ýaly garaşsyz ýurtlar täze dost boldy. Afrika bilen gatnaşyklar çuňlaşdyryldy. Bu ugurda Somali we Sudan bilen harby şertnamalar baglaşyldy. Bir tarapdan Aziýa we Afrika ýurtlary bilen täze we giň-gerimli gatnaşyklar emele getirilen bolsa, beýleki tarapdan bar bolan gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy ugrunda tagallalar edildi.

Türkiýe bir tarapdan halkara arenada syýasat alyp barmaga synanyşan bolsa, beýleki tarapdan strukturalaýyn meselelere çözgüt tapmaga dowam etdi. Bu ýerde içerki syýasatda möhüm üýtgeşiklikler edildi. Türkiýe Prezident ulgamyna geçdi. Şeýlelik bilen Türkiýe 2023-nji ýyldaky maksatlaryna ýetmek üçin möhüm päsgelçilikleri aşdy. Şonuň bilen birlikde terrora garşy göreş hem içerki hem-de daşary syýasatyň gün tertibiniň ileri tutulýan meselesi bolmagynda galdy. Türkiýe 2017-nji ýylda FETÖ, terror guramasy PKK we DAIŞ-e garşy göreşini hem ýurdyň öz içinde hem-ed daşary ýurtlarda dowam etdirdi.

Terrorçylykly hüjümler we 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynyň netijesinde 2016-njy ýyldaky mümkinçiliklerden az ösüş eden Türkiýäniň ykdysadyýeti howplaryň azalmagy bilen 2017-nji ýylda ösüşe geçdi.  Türkiýe ýylyň 3-nji çärýegindäki 11,1 göterimlik ösüşi bilen G20-ä agza ýurtlaryň arasynda iň çalt ösüýän ýurt boldy.

2017-nji ýylda energetika syýasatynda hem möhüm wakalar boldy. Türkiýede ýerli energatika geçmek üçin möhüm işler edildi.

Türkiýe energetikadaky daşary ýurtlara bolan garaşlylygyny azaltmak üçin ýadro energetikasyndan gaýtadan işlenýän energetika ýaly ugurlara çenli ugurlara maýa goýmagyny arakesme bermezden dowam etdirdi.

Gysgaça jemlemek islesek 2017-nji ýyl Türkiýäniň daşasy syýasaty üçin täze ugurlaryň täze göçümler bilen goldanan bir ýyly boldy.



Degişli Habarlar