Taryhda 11-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

Taryhda 11-nji fewral

 

Taryhda 11-nji fewral

 

1650-nji ýylyň 11-nji fewraly… Fransuz matematigi, alym we filosofy Rene Dekart aradan çykýar. Günbatar pelsepesiniň esasy wekillerinden biri bolan Dekart ýaşlyk ýyllarynda Kizwit tarykatyndan alan pelsepe we matematika dersleri bilen pikir ulgamynyň başlangyjyny goýýar.

1809-njy ýylyň 11-nji fewraly… Iňlis oýlap tapyjysy Robert Fulton bugly gämileriň patentini alýar. Ýaşlyk ýyllarynda suratkeşlik bilen gyzyklanan, emma soňky ýyllarda inženerçilige ýönelen Fulton; mermer kesýän enjamy, tanap örüji enjam ýaly açyşlaryň patentlerini alandan soň 1797-nji ýylda Pariže gidýär. Fransiýada uzak ýyllaryň dowamynda bugly gämi taslamasynda üstünde işlän Fulton, 1803-nji ýylda ilkinji gämisini deňize düşürýär. Fulton 1815-nji ýylda Amerikan hökümetiniň islegine laýyklykda ilkinji bugly harby gämisini öndürýär.

1965-nji ýylyň 11-nji fewraly… “Täze Adana” gazeti “Bütindünýä metbugat üstünligi” baýragyna laýyk görülýär.

1918-nji ýylyň 11-nji fewraly… 1-nji Jahan urşy gutarýar, Osman imperiýasy uruşda ýeňilýär we ylalaşyklara laýyklykda döwlete degişli ýerler paýlaşylmaga başlanýar. Türkiýäniň günortasynda ýerleşýän Adana we etraplary fransuzlar tarapyndan basylyp alnýar. Şol hüjümden 5 gün soň watan goranyşynyň oduny ýakan gazet çap edilmäge başlanýar. “Adana” gazeti. Gazet elbetde fransuzlaryň garşylygyna sezewar bolýar we 3 sany çykandan soň ýapylýar. Emma 5 gün soň “Täze Adana” ady blen çap edilmäge başlanan gazeti çykaranlaryň tussag edilmegine karar berilýär. Neşirýat öýi ýapylýar. Emma olar neşirýaty başga şäherlere alyp gidýärler we gazetlerini çykarmaga başlaýarlar. “Täze Adana” gazeti azat edijilik söweşini alyp baran halka Anadolyda bolup geçýän wakalar barada maglumat berýär.

Ine şol gazet 1965-nji ýylda “Bütindünýä Metbugat Üstünligi” baýragyna laýyk görülen ilkinji we ýeke-täk türk gazetidir.

2006-njy ýylyň 11-nji fewraly… Nemes arheologlary Şanlyurfadaky Göbekli depede adamzadyn iň gadymy aragatnaşyk ulgamy hökmünde häsýetlendiren we häzirki döwürde-de peýdalanylýan ýazuwyň ilkinji görnüşi bolan bellikleri oýlap tapýar. Şanlyurfanyň Örenjik obasynyň golaýynda ýerleşýän, dünýäniň iň gadymy kult binalar toplumy bolan Göbekli depe boýunça barlaglar dowam edýär.



Degişli Habarlar