Taryhda 8-nji fewral

Taryhyň şu güni

Taryhda 8-nji fewral

Taryhda 8-nji fewral

Taryhyň şu güni başlaýar…

1904-nji ýylyň 8-nji fewraly… Ýaponlaryň Hytaýyň Port Artur deňiz portuna hüjüm edip, rus flotuny hatardan çykarmagy we geçmegini bökdemegi sebäpli 2 ýyl dowam eden Rus-Ýapon urşy başlaýar.

1921-nji ýylyň 8-nji fewraly… Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi Antep şäherine Azat edijilik urşunda fransuz goşunlaryna garşy gahrymanlarça goranyşy üçin “Kazylyk” derejesi bermek baradaky kanuny kabul edýär. Şäheriň ady Gaziantep bolýar.

1922-nji ýylyň 8-nji fewraly… ABŞ-nyň Prezidenti Warren Harding ilkinji radiony Ak Tamda tanyşdyrýar.

1935-nji ýylyň 8-nji fewraly… Parlament saýlawlarynda türk zenanlary ilkinji gezek saýlama we saýlanma hukugyndan peýdalanýar. Mejlise 18 zenan halk wekili saýlandy.

1951-nji ýylyň 8-nji fewraly… Atatürkiň gyzlygy we Türkiýäniň ilkinji zenan harby uçarmany Sabiha Gökçen, uçarman hökmünde Koreýa urşuna gatnaşmak üçin ýüz tutýar. Sabiha Gökçeniň şol ýüz tutmasy günbataryň habar beriş serişdelerinde giň seslenme döredýär. Emma onuň ýüz tutmasy Amerikan goşunynda zenan uçarmanyň bolmandygy sebäpli kabul edilmeýär.

1963-nji ýylyň 8-nji fewraly… Yrakda Abdussalam Arifiň öňbaşçylygyndaky “Baasçy” ofiserler dolanşygy ele geçirýär, Premýer ministri Kasym öldürilýär.

Etiketkalar: zenan , uçarman , Sabiha Gökçen

Degişli Habarlar