Taryhda 10-njy ýanwar

Taryhyň şu güni başlaýar…

Taryhda 10-njy ýanwar

Taryhda 10-njy ýanwar

1792-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Osman imperiýasy bilen Russiýasynyň arasynda dowam eden 5 ýyllyk uruşdan soň gazanylan ylalaşyga laýyklykda 1787-nji ýylda başan uruş gutarýar.

1900-njy ýylyň 10-njy ýanwary… Dünýä çempiony, Pehlin Kara Ahmet 20-njy asyryň gelmegine bagyşlanyp Parižde geçirilen dünýäniň ilkinji göreş turnirinde çempion bolup, “Çempionlaryň çempiony” diýlen derjä eýe bolýar.

1920-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Milletler jemgyýeti döredilýär. ABŞ jemgyýete agza bolmaýar.

1944-nji ýylyň 10-njy ýanwary… Nuri Demiragyň fabriginde öndürilen türk ýolagçy uçarynyň ilkinji synag uçuşy Ýeşikköýde geçirilýär.

1863-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda dünýäniň ilkinji metrosy bolan London metrosynyň “Metropolitan” atlandyrylan ilkinji ugry açylýar.

Ispaniýa-Amerikan urşundan soň Kuba 1898-ji ýylyň 10-njy ýanwarynda Ispaniýadan garaşsyzlygyny alýar.

1983-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Argentinada harby dolanşyk bes edilýär.


Etiketkalar: jemgyýet , fabrika , uçar , metro

Degişli Habarlar