Taryhda 8-nji ýanwar

Taryhyň Şu Güni

Taryhda 8-nji ýanwar

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 8-nji ýanwary. Taryhyň şu güni başlaýar…

1916-njy ýylda Hyzmatdaş ýurtlaryň harby güýçleri Osman döwletiniň goşunynyň Çanakgaladaky garşylygyny böwsüp bilmeýär. Ýeňilişe sezewar bolup, Gallipoli ýarym adasyndan yza çekilmäge başlaýarlar. Başarnyksyzlygy sebäpli iňlis Deňiz güýçleriniň serkerdesi admiral Winston Çorçil wezipesinden çekilýär.

Belli astronom Galileo Galileý 1642-nji ýylda tussaghanada aradan çykýar.

1945-nji ýylda İskenderun porty ulanmaga berilýär. Hataý welaýatynyň ilat taýdan esasy etraplaryndan biri bolan Iskenderun, Türkiýäniň deňiz portlarynyň hatarynda 4-nji orny eýeleýär.

1960-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Hirfanly bendi ulanmaga berilýär. Gyzylyrmak derýasynyň ugrunda gurulan bent Türkiýäniň belli bentlerinden biri.

1986-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda sekiz sungat ussadyna Ýokary Bilim Geňeşi tarapyndan “professorlyk” derejesi berilýär. Şol sungat ussatlarynyň arasynda Ýyldyz Kenter, Hikmet Şimşek we Newit Kodally hem bardy.


Etiketkalar: etrap , dereje , bent

Degişli Habarlar