Türk ýaý atyjylar Gazoz we Anagöz öz kategoriýalarynda dünýäde ýylyň türgeni hökmünde saýlandylar

Türkiýäniň milli ýaý atyjylary Mete Gazoz we Ýasemin Ejem Anagöz öz kategoriýalarynda dünýäde ýylyň türgeni hökmünde saýlandylar

Yasemin Ecem Anagöz.jpg

Türkiýäniň Ýaý atyjylar federasiýasyndan berilen beýanata görä, Bütindünýä Ýaý atyjylar federasiýasy tarapyndan her ýyl geçirilýän we internetdäki sese goýuşlyk bilen kesgitlenýän ýylyň türgeni sylaglarynyň bu ýylky eýeleri mälim boldy. 

Erkekleriň arasynda Mete Gazoz, zenanlaryň arasynda bolsa Ýasemin Ejem Anagöz ýylyň türgeni sylagnyna laýyk görüldi. 

 


Etiketkalar: türgen , saýlanmak , sylag , ýaý atmak

Degişli Habarlar