Albert Eýnşteýniň haty rekord derejä satyldy

Meşhur fizik Albert Eýnşteýniň, nemes pelsepeçi Erik Gutkinde ýazan, Taňrynyň pikiri, din we jöhit şahsyýeti bilen bagly düşünjeleri bolan haty, auksionda 2,9 million dollara satyldy

Albert Eýnşteýniň haty rekord derejä satyldy

BBC-de berilen habara görä, elde ýazylan hat, Nýu-Ýorkdaky Christie's auksion öýünde geçirilen, 1,5 million dollar bilen başlaýan auksinda 2,9 million dollara satyldy. 

Nobel sylagyna laýyk görülen fizikiň 1954-nji ýylda 74 ýaşyndaka ýazan hatynda, alymyň Hristianlyk, Taňrynyň pikiri we jöhit şahsyýeti bilen bagly düşünjeleri bar. 

Albert Eýnşteýn nemes pelsepeçi Erik Gutkinde ýazan hatynda, Taňrynyň pikiriniň özi üçin hiç hili manysynyň ýokdugyny, dinleriň bolsa rowaýatlardan ybaratdygyny öňe sürýär.  

"Taňry mektuby" diýip bilinýän hatda: "Taňry sözi meniň üçin diňe bir many, adamlaryň gowşaklygynyň önümi bolan bir pikir. Injili hormatlaýaryn, emma ol hem promitiw käbir rowaýatlaryň jeminden başga bir zat däl" diýip ýazylan. 

Albert Eýnşteýn: "Nähili derejede duýgur we akylly bolsa bolsun, hiç bir garaýyş meni bu düşünjelerimden dändirmäge güýji ýetmez" diýip belledi. 

Hatda özüniň hem degişli bolan şöhit şahsyýeti bilen bagly garaýyşlaryna ýer beren Albert Eýnşteýn: "Bir bölegi bolanlygyma buýsandygym we dünýägaraýşyna çuňňur baglydygymy duýan jöhit halky, meniň gözümde beýleki halkara garanyňda tapawutly bir abraýa eýe däldir" diýip ýazdy. 

 


Etiketkalar: auksion , hat , BBC , Albert Eýnşteýn

Degişli Habarlar