Iň köp syýahat gämisi Kuşadasyna geldi

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda Türkiýedäki 11 deňiz menziline jemi 247 kruiz gämisi geldi

Iň köp syýahat gämisi Kuşadasyna geldi

 

Türkiýedäki 11 deňiz menziline ýylyň ilkinji 10 aýynda gelen jemi 247 gäminiň 145-i, Kuşadasy deňiz menziline geldi.

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda Türkiýedäki 11 deňiz menziline jemi 247 kruiz gämisi geldi.

Ady agzalan gämiler bilen gelen ýolagçylaryň sany 39 müň 153 bolan bolsa, giden ýolagçylaryň sany 45 müň 831, tranzit ýolagçy sany bolsa 125 müň 102 boldy.

Kruiz gämileriniň 58,7 göterimi Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna geldi. Ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda Kuşadasy portyna 145 kruiz gämisi labryny taşlady.

Ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda Kuşadasy portyna 10 müň 392 müň ýolagçy gelen bolsa, 17 müň 130 ýolagçy gitdi, tranzit ýolagçy sany bolsa 90 müň 896-a deň boldy.  


Etiketkalar: Kuşadasy , port , syýahatçylyk

Degişli Habarlar