Super gahrymanlaryň atasy aradan çykdy

Spiderman, Hulk we Iron Man ýaly dünýä meşhur personažlaryň döredijisi Stan Lee 95 ýaşynda aradan çykdy

Super gahrymanlaryň atasy aradan çykdy

Leeleriň maşgalasynyň aklawjysy Kirk Şenk beren beýanatynda, Spiderman, X-Man, Hulk we Iron Man ýaly ýatdan çykarylmajak personažlaryň döredijisi, Marvel Comics kärhanasynyň esaslandyryjysy Stan Leeniň düýn irden Los-Anjelesde aradan çykandygyny habar berdi. 

Leeniň näme sebäpli ýogalandygy barada bolsa maglumat berilmedi. 

Stan Lee 1922-nji ýylyň 28-nji dekabrynda ABŞ-niň Nýu-Ýork şäherinde dogulypdy.

 


Etiketkalar: aradan çykdy , ABŞ

Degişli Habarlar