Wladimir Putin, Habib Nurmagomedowy gutlady

Putin Nurmagomedowyň söweşde ähli zada garamazdan ýeňiş gazanandygyny beýan etdi

Wladimir Putin, Habib Nurmagomedowy gutlady
Wladimir Putin, Habib Nurmagomedowy gutlady
Wladimir Putin, Habib Nurmagomedowy gutlady

Dagystanly boksýor Habib Nurmagomedow Las-Wegasda geçirilen duşuşykda, ozal Yslam dinine, ýurduna we maşgalasyna sögünç sözler aýdan irlandiýaly boksýor Konor Makgregory nokaut edipdi, ondan soň bolsa toparyna topulyp, dünýä metbugatynyň gün tertibine gelipdi.

Garyşyk söweş sungatynyň ýeňil agramy boýunça geçirilen duşuşykda öz kemerini goran türgen, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Ulýanowsk şäherinde geçen duşuşykda Putin Nurmagomedowy ýeňişi bilen gutlady.

Habibiň çärä öz şahsy adyndan gatnaşsada Russiýanyň raýatydygyny aýdan Putin, özüne ýakyndan gözegçilik edýändiklerini habar berdi.

Putin Nurmagomedowyň söweşde ähli zada garamazdan ýeňiş gazanandygyny beýan etdi.

Rus lider spordyň dostluga esaslanýan bir çäredigini belläp, türgenden garşydaşlary bilen mähirli, konkurent edip bilijilikli we gowy adamzat gatnaşyklarynda bolmagyny isledi.

Putin: “Eger daşarydan bir hereket edilse, onda diňe sen däl, eýsem biz hem jogabyny bereris. Emma işiň şol nokada gelmezligi iň gowusydyr” diýdi.

Degişli Habarlar