Türkiýäniň ýygyndysy Bosniýa-Gersegowinanyň ýygyndysy bilen oýnar

Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy taýýarlyk tapgyrynyň çäginde şu gün Bosniýa-Gersegowinanyň ýygyndysy bilen Rize şäherinde oýnar

Türkiýäniň ýygyndysy Bosniýa-Gersegowinanyň ýygyndysy bilen oýnar

Çaýkur Didi stadionynda geçiriljek duşuşyk, Türkiýäniň wagty bilen sagat 20:30-da başlar.  

TRT 1 kanalynda göni ýaýlym arkaly görkeziljek duşuşygyň emin agzasy Russiýanyň Futbol Federasiýasynyň emin agzasy Sergeý Karasew bolar. 

Karasewe Igor Demeşko we Alekseý Lunew kömek eder, duşuşygyň 4-nji emin agzasy bolsa Halis Özkahýa bolar. 

Türkiýäniň ýygyndysy UEFA Milliler ligasyndaky 3-nji duşuşygynda 14-nji oktýabr ýekşenbe güni garşydaşynyň meýdançasynda Russiýanyň ýygyndysy bilen oýnar. 

 



Degişli Habarlar