Ibrahim Eren TRT World Forum bilen bagly beýanat berdi

Ibrahim Eren Stambulda 3-4-nji oktýabrda geçirilen TRT World Forum bilen bagly beýanat berdi

Ibrahim Eren TRT World Forum bilen bagly beýanat berdi

 

TRT-niň Baş müdüri Ibrahim Eren, geçen hepde geçirilen TRT World Forumyň bir dünýä markasyna öwrülendigini, forumyň bular ýaly bir gysga wagtda gyzyklanma döretmeginiň Türkiýäniň aýdan sözleriniň güýjünden gözbaş alýandygyny habar berdi.

Ibrahim Eren “Böleklere bölünen dünýäde parahatçylygy we howpsyzlygy ýaňadandan dikeltmek” temasy bilen Stambulda 3-4-nji oktýabrda geçirilen TRT World Forum bilen bagly beýanat berdi.

TRT World Foruma gatnaşan 600-den gowrak ýokary derejeli guramalaryň wekilleriniň, syýasatçynyň we ylmy işgäriň çärä hoşallyk bildirendiklerini aýdan Ibrahim Eren, 2 gün dowam eden forumyň örän netijeli geçendigini habar berdi.  

Türkiýäniň forumyň bölümlerinde dünýädäki adalatsyzlyga garşy çäre bolup biljek syýasy modelleri hödürländigini aýdan Eren, forumda agdyklyk edýän syýasy düşünjä garşy alternatiw çözgütleriň orta atylandygyny mälim etdi.

Ibrahim Eren: “TRT World Forum 2-nji ýylynda bir dünýä markasyna öwrüldi. Forumyň bular ýaly bir gysga wagtda gyzyklanma döretmeginiň Türkiýäniň aýdan sözleriniň güýjünden gözbaş alýar. Tejribeli adamlaryň foruma gatnaşmagynyň esasy sebäbi Türkiýäniň taryhy çuňlugy we alan tejribesi saýasynda şu günki günde böleklere bölünen dünýäde möhüm salgylar hödürläp bilmek umydy. Bu ýylky foruma ýokary derejede talap bardy. Nesip bolsa öňümizdäki ýyl gatnaşjak adamlaryň sanyny artdyrarys” diýdi.



Degişli Habarlar