Ýaponiýaly Şa aýal Türkiýede saparda bolar

Şa aýal Akiko 2014-nji ýylda hem Türkiýede saparda bolupdy

Ýaponiýaly Şa aýal Türkiýede saparda bolar

 

Ýaponiýaly Şa aýal Akiko Mikasa sentýabr aýynyň 9-14-i aralygynda Türkiýä geler.

Ýaponiýanyň Türkiýedäki ilçihanasy tarapyndan berlen beýanata görä, Şa aýal Akiko Mikasa sentýabr aýynyň 9-14-i aralygynda Ankarada, Kyrşehirde we Stambulda saparda bolar.

Şa aýal Akiko “Şazada Mikasa” gaznasynyň Sabanjy uniwersitetiniň Sakyp Sabanjy muzeýinde geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin Türkiýä geler.

Ýaponiýaly Şa aýal Akiko duşenbe güni Ankarada Atatürkiň aramgähinden başlajak saparynyň çäginde Türk-Ýapon gaznasyna we Kyrşehiriň Kaman etrapçasyndaky Kalehoýukda ýerleşýän Ýapon Anadoly arhealogiýa institutyna baryp görer

Şa aýal Akiko 2014-nji ýylda hem Türkiýede saparda bolupdy.


Etiketkalar: sapar , muzeý , Ýaponiýa , Şa aýal

Degişli Habarlar