BSGG: dünýäniň ilatynyň ¼ bölegi ýeterlik maşk etmeýär

Bütindünýä saglygy goraýyş dünýäniň ilatynyň ¼ böleginiň ýeterlik maşk etmeýändigini habar berdi

BSGG: dünýäniň ilatynyň  ¼ bölegi ýeterlik maşk etmeýär

Hünärmenler dünýa derejesinde zenanlaryň erkeklerden has işjeňdigini beýan edýärler.

BSGG-nyň hünärmenleriniň 168 ýurtda 1,9 million adamyň gatnaşmagynda ilata esaslanýan 358 barlagyna salgylanýan habarnamada hereketsizlik derejelerinin azaldylmagy boýunça edilýäň tagallalaryň diýseň pesdigi duýdurylýar.

Habarnamada dünýäniň ilatynyň ¼ böleginden gowragynyň ýeterlik derejede maşk etmeýändigi, az hereket etmegiň ýürek kesellerine, rak we tip-2 süýji keseline sebäp bolýandygy nygtaldy.

Habarnamada ýokary girdejiligi ýurtlarda hereketsizlik derejesiniň has ýokardygy, 2001-nji ýylda 32 göterime barabar bolan hereketsiz ilat mukdarynyň 2016-njy ýylda 37 göterime ýetendigi, girdejisi az bolan ýurtlarda bolsa mukdaryň 16 göterime deňdigi beýan edilýär.

Hünärmenler Gdünydogar we Günorta-Gündogar Aziýadan daşgary dünýä derejesinde zenanlaryň erkeklerden has az hereket edýändigini beýan edýär.

Ýaşaýyş şertleri ýokary bolan ýurtlarda oturan ýeriňden edilýäň işler we endikler bilen ulag serişdelerinden peýdalanmagyň ýaýbaňlanmagy onuň esasy sebäpleri hökmünde görkezilýär.


Etiketkalar: maşk , ilat , dünýä

Degişli Habarlar