Prezident Erdogan Ýasemin Ejem Anagözi gutlady

Türk lider R.T. Erdogan Ýewropa Ýaý atmak çempionatynda altyn medala eýe bolan Ýasemin Ejem Anagöze gutlag telegrammasyny iberdi

Prezident Erdogan Ýasemin Ejem Anagözi gutlady

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýanata görä Erdogan milli türgen Ýasemin Ejem Anagöze telegramma iberip, ony gazanan üstünligi bilen gutlady.

Polşanyň Legnika şäherinde geçirilen Ýewropa Ýaý atmak çempionatynda final duşuşykda daniýaly garşydaşy Maža Žagerden üstün çykan Anagöz altyn medalyň eýesi boldy.



Degişli Habarlar