Kuşadasyna 2 gämi bilen 2250 syýahatçy geldi

Noýabr aýynyň ortasyna çenli etraba ýene-de 45 kruiz gämisiniň gelmegine garaşylýar

Kuşadasyna 2 gämi bilen 2250 syýahatçy geldi

Aýdyn welaýatynyň Kuşadasyna 2 gämi bilen 2250 syýahatçy geldi.

Kruiz syýahatçylygynyň esasy merkezlerinden biri bolan Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyndaky porta 2 gämi bilen 2250 syýahatçy geldi.

Bahamanyň baýdagynyň göterýän “Wind Star” we Gresiýanyň baýdagyny göterýän “Celestyal Olympia” atly kruiz gämileri Kuşadasynyň Ege portuna geldi.

2 gämi bilen etraba gelen Portugaliýaly, Britaniýaly, Ispaniýaly, Kanadaly we Amerikaly 2250 syýahatçy etrap merkezinde söwda etdiler, gadymy Efes şäherine we Bibi Merýemiň öýüne baryp gördüler.

Noýabr aýynyň ortasyna çenli etraba ýene-de 45 kruiz gämisiniň gelmegine garaşylýar.


Etiketkalar: kruiz , syýahatçylyk , gämi

Degişli Habarlar