Motokross çempionaty Türkiýede geçiriler...

Dünýäniň iň ökde motokrossçylary Türkiýä gelýär

Haber/2018/8/motokros3.jpg
thumbs_b_c_bbb22b2c282cc26ca9eebc59cbdf41bc.jpg
thumbs_b_c_9d1e0a6d6cea8f5798c6734c5e37c384.jpg

Bütindünýä Motokross çempionatynda möwsümiň 18-nji tapgyr ýaryşlary 1-2-nji sentýabr aralygynda Türkiýäniň Afýonkarahisar welaýatynda geçiriler. 

Bu möhüm çäräniň taýýarlyk işleri tamamlandy. 

Türkiýäniň Motosikl federasiýasyndan Ogün Baýsan: "Halkara federasiýasyndan resmiler gelip, geçiş zolagyny gözegçilik etdiler. Örän göwünleri ýetdi, hoşal boldylar. Ýaryş 86 ýurtda göni ýaýlym arkaly görkeziler" diýdi. 

Aralarynda Eurosport, BEIN Sports, FOX Sport, CBS Sport ýaly kanallarda göni ýaýlym arkaly görkeziljek Bütindünýä Motokross çempionaty, 1,4 milliard tomaşaçy tarapyndan tomaşa edilmek mümkinçiligine eýe. 

Çempionatyň çäginde 5000 müň daşary ýurtly myhmanyň Afýonkarahisara gelmegine garaşylýar. 

 



Degişli Habarlar