Nemes derwezeçi Loris Karius Türkiýäniň Beşiktaş futbol toparyna geçdi

Türkiýäniň Beşiktaş futbol topary Britaniýanyň Premýer Ligasynyň agzalaryndan biri bolan Liwerpul komandasynyň nemes derwezeçisi Loris Kariusy öz komandasyna aldy

Nemes derwezeçi Loris Karius Türkiýäniň Beşiktaş futbol toparyna geçdi

Beşiktaş tarapyndan berilen beýanatda 25 ýaşyndaky derwezeçiniň satyn alynmak opsiýasy bilen 2 möwsümlik kärendä alynandygy habar berildi. 

Loris Karius özüniň futbol karýerasynda Mains 05 we Liwerpul futbol komandalarynda oýnady. 

Karius geçen möwsümde bolsa Liwerpul bilen UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda oýnady. 

 



Degişli Habarlar