Türkmenistanyň ýygyndy topary Aziadanyň ikinji bürünç medalyny gazandy

Düýn, XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň altynjy gününde türkmen toparynyň gazananlarynyň üsti ýene-de bir bürünç medal bilen artdy

Türkmenistanyň ýygyndy topary Aziadanyň ikinji bürünç medalyny gazandy

Munuň özi Aziýa oýunlarynyň taryhynda jiu-jitsu boýunça ýaryşlarda “ne-waza” görnüşinde Türkmenistanyň ilkinji baýragydyr.

Sportuň bu görnüşinde 56 kilograma çenli agram derejesinde Kemal Meredow tapawutlandy. Ol Gyrgyzystanly garşydaşy bilen söweşi üstünlikli geçirip, pakistanly türgeniň garşylyk görkezmeginden üstün çykmagy başardy.

Ildeşimiziň çärýek finaldaky duşuşygy ýeňliş bilen tamamlandy. Ýöne, Özbegistanyň wekili bilen goşmaça göreşde K.Meredowa ynamly ýeňiş gazanmak başartdy.

Mongol türgeni bilen üçünji orun ugrundaky jemleýji duşuşyk çylşyrymly boldy. Garşydaşlar işjeň hereket etmekde we ussatlykda biri-birinden kem galmady. Netijede, eminleriň çözgüdi bilen ýeňiş türkmen pälwanyna berildi. Biziň türgenimiziň bu ýaryşlara taýýarlygynyň ýokary derejesini bellemek gerek. Çünki Mongoliýanyň wekili Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bürünç baýragynyň eýesidir, K.Meredow bolsa şol ýaryşyň tertipnamasynda dokuzynjy orundady.

69 kilograma çenli argam derejesinde Jelilmuhammet Hojamyradow hem medal gazanmakdan sähelçe yza galdy. Ol 1/16 we 1/8 finaldaky duşuşyklary üstünlikli geçip, çärýek final tutluşygynda ýeňildi. Goşmaça söweş biziň türgenimiziň ýeňşi bilen tamamlandy. Dünýä çempionatynyň baýrak eýesi bilen bürünç medal ugrundaky duşuşykda bolsa eminler ýeňşi garşydaşa bermegi makul gördüler. D.Hojamyradow netijede bäşinji orny eýeledi.

Boks boýunça ýaryşlara badalga berlip, ilkinji duşuşyklar geçirildi. 60 kilograma çenli agram derejesinde ilkinji aýlawy biziň türgenimiz Hursand Imankulyýew hem yzda galdyrdy. Ol 2017-nji ýylda bolan Yslam oýunlarynyň baýrak eýesi hem-de şu ýyl Polşada geçirilen boks boýunça Feliks Ştamm adyndaky XXXV halkara ýaryşynyň ýeňijisidir.

Şeýlelikde, şu günki medal oýunlarda ýygyndy toparymyzyň üçinji medalydyr. Ilkinji baýraklaryň eýeleri bolsa TDH-nyň habarçysy bilen öz şatlygyny paýlaşdylar.

Agyr atletika boýunça ýaryşlarda tomusky Aziadanyň kümüş baýragynyň eýesi, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Kristina Şermetowa şeýle diýdi:

— Ýokary netijäni gazanmaga uly isleg bardy, bu ymtylyşy amala aşyrmagyň başardandygyna şatdyryn. Gynanmagym hem bar, sebäbi altyn medal gazanmaga sähelçe ýetmedi. Birinji orundan tapawut bary-ýogy bir kilogram agram boldy. Ýöne, agyr atletika sportuň şeýle görnüşi. Onda esasy zat, az-owlagam bolsa, garşydaşdan üstün çykmak. Onuň üstesine-de, ýaryş Aziýanyň güýçli türgenlerini jemledi we bäsdeşlik ýokary derejede boldy. Bu medal meniň üçin dünýä çempionatynyň kümüş medaly ýaly şeýle gymmatlydyr. Netijede, üstünlikli ilkinji synanyşyk kömek etdi, ol artykmaç aladany aradan aýyrdy, ikinji synanyşygyň öň ýanynda güýjümi jemlemäge mümkinçilik berdi. Ýaryşlaryň özi bolsa bir pursat ýaly geçip gitdi. Bu oýunlarda Türkmenistana ilkinji medaly almak başardandygyna örän begenýärin.

Ýemenden bolan garşydaş bilen bürünç medal ugrunda geçiren duşuşygy barada grek-rim görnüşinde türkmen pälwany, harby gullukçy Şihazberdi Öwelekow hem ýatlady:

— Şeýle iri ýaryşlarda gazanylan islendik gymmatlykdaky medal her bir türgen üçin üstünlikdir. Türgenleşiklerde her günki yhlasly işler maňa üstünlik gazanmaga kömek etdi. Jemleýji söweşiň barşynda garşydaşy ýere galtaşmaga geçirmek, soň bolsa taýýarlyk görýän wagtlarym ençeme gezek işlän tilsimlerimi amala aşyryp, arassa ýeňiş üçin zerur bolan utuklaryň jemini tiz toplamak başartdy. Ýurdumyz üçin medal gazanmak örän ýakymly boldy, Aşgabatdaky Aziadada bürünç medal alanymda hem şeýle duýgulary başdan geçirdim. Türgenleşiklerimi dowam ederin. Meniň maksadym şeýle derejeli ýaryşlarda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ýene-de has ýokary netijeleri gazandyrmakdan ybarat.

Şu gün boks, jiu-jitsu görnüşlerinde göreşler dowam eder, 3x3 basketbol boýunça ýygyndymyz toparçadan saýlanyp dowam etmek üçin jemleýji oýunlary geçirer. (TDH)


Etiketkalar: türgen , türkmen , jiu-jit­su

Degişli Habarlar