Türkiýede Bütindünýä Ralli çempionatynyň tapgyrlarynyň biri geçiriler

Türkiýe 8 ýyl arakesmeden soň Bütindünýä Ralli çempionatynyň tapgyrlarynyň birine ýer eýeçiligini eder

Türkiýede Bütindünýä Ralli çempionatynyň tapgyrlarynyň biri geçiriler

Halkara Sportyň Awtomobil görnüşleri federasiýasy tarapyndan geçirilýän Bütindünýä Ralli çempionatynyň 10-njy tapgyry Marmaris Rallisi ady bilen 13-16-njy sentýabr aralygynda Muglada geçiriler. 

Türkiýe Bütindünýä Ralli çempionatynyň saýlawlarynda Taze Zelandiýa, Horwatiýa, Ýaponiýa, Çili, Keniýa we Günorta Afrika ýaly ýurtlardan öňe saýlandy. 

Marmaris Rallisi 155 telewideniýe kanalynda görkezilip, 849 million adama ýetiriler. 

Takmynan 50 müň ýerli we daşary ýurtly syýahatçy Bütindünýä Ralli çempionaty üçin Mugla barar. 

 


Etiketkalar: Türkiýe , ralli , Mugla , Marmaris

Degişli Habarlar