UEFA Çempionlar ligasynyň play-off duşuşyklary başlady

UEFA Çempionlar ligasynyň play-off duşuşyklary geçirilen 3 duşuşyk bilen başlady

UEFA Çempionlar ligasynyň play-off duşuşyklary başlady

Ýewropa futbolynyň klublar derejesindäki iň uly ýaryşynda toparara duşuşyklardan ozalky play-off tapgyrynda 3 duşuşyk geçirildi.

Geçirilen duşuşyklar we olaryň netijeleri:

Benfika (Portugaliýa)-PAOK (Gresiýa): 1-1

BATE (Belarussiýa)-PSV (Gollandiýa): 2-3

Kyzylýyldyz (Serbiýa)-Salzburg (Awstriýa): 0-0

Play-off tapgyrynyň ilkinji etaby ertir geçiriljek 3 duşuşyk bilen tamam bolar.

Türkiýäniň Beşiktaş komandasy UEFA Ýewropa ligasynyň play-off tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Serbiýanyň Partizan komandasy bilen oýnar.



Degişli Habarlar