Aziýa Oýunlary Indoneziýada başlady

XVIII Aziýa oýunlary Indoneziýanyň paýtagty Jakartdaky Gelora Bung Karno stadionynda geçirilen dabara bilen öz işine başlady

Aziýa Oýunlary Indoneziýada başlady

Ýonhap tarapyndan berilen habara görä Günorta we Demirgazyk Koreýaly türgenler Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyndaky ýörüşe bilelikde gatnaşdylar.  

Dabarda Günorta Koreýaly basketbolçy Lim Ýung-Hui we Demirgazyk Koreýaly futbolçy Ju Kýong-Çol Birleşen Koreýa baýdagyny bile daşadylar.

Günorta we Demirgazyk Koreýa sportyň käbir görnüşlerinde bäsleşiklere umumy topar bolup gatnaşarlar.

Aziýa oýunlarynda Günorta Koreýadan 807 türgen, Demirgazyk Koreýadan bolsa 168 türgen gatnaşýar.

2-nji sentýabrda öz işini tamamlajak Aziýa oýunlarynda 45 ýurtdan sportyň 40 aýry görnüşi boýunça 16 müň türgen özara bäsleşer.

Dört ýylda 1 gezek geçirilýän Aziýa oýunlary ilkinji gezek 1951-nji ýylda Hindistanda geçirilen bolsa, 4-nji Aziýa oýunlary 1962-nji ýylda Indoneziýada geçirilipdi.



Degişli Habarlar