“Ahlat agajy” Oskara dalaşgärlige hödürlendi

91-nji Akademiýa baýraklarynyň 2019-njy ýylyň fewral aýynda berilmegi meýilleşdirilýär

“Ahlat agajy” Oskara dalaşgärlige hödürlendi

 

Nuri Bilge Jeýlanyň soňky filmi “Ahlat agajy” Türkiýäniň adyndan Oskara dalaşgärlige hödürlendi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Kinomatograf Baş müdürliniň agzalaryndan ybarat bolan 17 adamlyk seçip alyş geňeşi Türkiýäniň adyndan daşary ýurt dilinde taýarlanan Iň gowy filmi kesgitlemek üçin jemlenişdi.

Seçip alyş geňeşi 12 kino filmiň arasyndan ilkinji gezek Kan kino film festiwalynda görkezilen “Ahlat agajy” filmini Oskara dalaşgär hökmünde saýlap aldy. 

Filmiň baş rollarynda Dogru Demirkol, Murat Jemjir we Bennu Ýyldyrym oýnaýar. Film kiçi şäherçede ýaşaýan kakasy bilen oglunyň kyssasyny gürrüň berýär.

ABŞ-da geçiriljek 91-nji Akademiýa baýraklarynyň 2019-njy ýylyň fewral aýynda berilmegi meýilleşdirilýär.

 


Etiketkalar: Oskar , festiwal , kino-film

Degişli Habarlar