Nemes hökümeti halkyna Türkiýede dynç almaklary barada çagyryş berdi

“Şu günki günde türk halkyna goldaw berilmeli”

Nemes hökümeti halkyna Türkiýede dynç almaklary barada çagyryş berdi

Nemes hökümetiniň syýahatçylyk jogapkär ýolbaşçygy Thomas Bareiss, syýahatçylygyň iki ýurduň arasynda köprü wezipesini ýerine ýetirýändigini nygtady we nemes halkyna Türkiýede dynç almaklary barada çagyryş berdi.

Frankfurter Allgemeine saýtung gazetine beýanat beren Thomas Bareiss, gysga wagt mundan ozal özüniň hem Türkiýede dynç alandygyny nygtady.

Syýahatçylygyň iki ýurduň arasynda şahsy köprüleriň gurulmagynda esasy rol oýnaýandygyna ünsi çeken Bareiss “Şu günki günde türk halkyna goldaw berilmeli” diýdi.

Durnuklylygyň we hyzmatdaşlygyň Germaniýa bilen birlikde türk halkyň bähbidi taýdan hem diýseň möhümdigini aýdan Bareiss, türk halkynyň myhmansöýerligine ünsi çekdi.

Türkiýäniň Syýahatçylyk ministrligi iýul aýyndaky görkezijilerinde 2018-nji ýylda Türkiýä gelen nemes syýahatçylarynyň sanynyň artjakdygyny mälim edipdi.

2018-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli Germaniýadan Türkiýä 451 müň syýahatçy geldi.

 

 



Degişli Habarlar