24-nji Saraýewo Kino-film festiwalynyň baýraklary gowşuryldy

Film zähmetkeşlerini özünde jemlän festiwala 56 ýurtdan 266 film gatnaşdy

24-nji Saraýewo Kino-film festiwalynyň baýraklary gowşuryldy

Balkan ýurtlarynyň iň bir abraýly film festiwallaryndan birinde bäş ugurda onlarça film bäsleşdi.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan onlarça başarjaň film zähmetkeşlerini özünde jemlän festiwala 56 ýurtdan 266 film gatnaşdy.

Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy TRT-niň hem hyzmatdaşlyk etmeginde geçirilen festiwala 100 müň adam gelip gördi.

Emin agza toparynyň ýolbaşçylygyny Oskar baýrakly eýranly ssenarist we režisýor Ashar Farhadiniň ýerine ýetiren festiwalynda baýraklar eýelerine gowşuryldy.

Iň çeper film baýragyna bolgar, nemes we fransuz önümi bolan “Aga” filmi laýyk görüldi.

Iň başarjaň režisýor kategoriýasynda “Saraýewonyň kalby” baýragyna “Lemond” filmi bilen Ýoana Turikeru laýyk görüldi.

Iň ussat artist baýragyna Leon Luçew, iň ussat aktrisa baýragyna bolsa “One Daý” filmindäki roly bilen Sofiýa Zemosi eýe boldy.

Fetiwalyň çäginde iň gowy dokumental film ugrunda “Adam hukuklary” baýragyna Türkiýe, Gresiýa, Bosniýa-Gersogowina önümi bolan “Syrat köprüsi” filminiň režisýory Didem Pekün laýyk görüldi.

Önümçiligi dowam edýän filmler bölüminde bolsa TRT-niň hususy baýragyna “Zafera” filmi eýe boldy.

 



Degişli Habarlar