Ruslar “Türkiýe festiwalyna” uly gyzyklanma bildirýärler

Ruslar Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirilýän Türkiýe festiwalyna uly gyzyklanma bildirýärler

turk festivaline rus ilgisi.jpg

Medeniýet, sungat, syýahatçylyk we sport ýaly ugurlar boýunça dürli-dürli çäreleriň geçirilen festiwala gowy howanyň täsiri bilen on müňlerçe adam gelip gördi.

Krasnaýa Presnýa seýilgähinde geçirilýän festiwalda sungat sehlerinden gastronomiýa çenli ençeme ugur bilen birlikde başda rus turistleriň dynç almaga barýan Antalýa bolmak bilen Türkiýäniň ençeme şäheriniň tanyşdyrylyşy boldy.

Meşhur rus we türk sungat işgärleriniň çykyşlary bolan festiwalda esasan hem türk aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlaryna uly gyzyklanma bildirildi.


Etiketkalar: ruslar , Moskwa , festiwal

Degişli Habarlar