Oskar sylaglaryna täze kategoriýa girizildi

Kino sungady we Ylymlar akademiýasy tarapyndan berilýän dünýäniň iň meşhur kino-film sylaglar Oskara käbir üýtgeşiklikler girizilýär

Oskar sylaglaryna täze kategoriýa girizildi

Akademiýanyň başlygy Jon Beýli we dolanşyk geňeşiniň başlygy Dawn Hadsonyň beren beýanatyna görä 91-nji Oskar sylaglaryna 3 sany üýtgeşiklik giriziler.

Olaryň ilkinjisi dabaranyň ýaýlymynyň 3 sagat bilen çäklendirilmegi, ikinjisi dabaranyň möhletinden ir geçirilmegi we iň möhüm bolan üçünjisi bolsa sylaglara “Adatdan daşary üstünlik görkezen meşhur filmler” atly bir täze kategoriýa girizilmegi.   

Şeýlelik bilen “Iň gowy animasiýa filmi” kategoriýasynyň goşulan ýyly bolan 2001-nji ýyldan bäri Oskar sylaglarynyň sany ilkinji gezek artdyryldy.


Etiketkalar: kategoriýa , sylag , Oskar

Degişli Habarlar