Efes 8500 ýyllyk geçmişi bilen her ýyl 2,5 million syýahatçyny myhman alýar

Gadymy Efes şäheri Çukuriçi hoýýugy, Aýasuluk depesi we Bibi Merýemiň öýü bilen ünsleri özüne çekýär

Efes 8500 ýyllyk geçmişi bilen her ýyl 2,5 million syýahatçyny myhman alýar

 

Türkiýäniň iň gadymy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Efes, 8500 ýyllyk geçmişi bilen her ýyl dürli geografiýaalrdan 2,5 million syýahatçyny myhman alýar.

Adamoglynyň gadymy mirasy hökmünde 2015-nji ýylda bellige alynyp BMG-nyň Ylym, bilim we medeniýet düzümi ÝUNESKO tarapyndan Dünýäniň medeni miras sanawyna alynan gadymy Efes, syýahatçylara 6500 ýyllyk medeni mirasyny görmek mümkinçiligini hödürleýär.

Gadymy Efes şäheri Çukuriçi hoýýugy, Aýasuluk depesi we Bibi Merýemiň öýü bilen ünsleri özüne çekýär.

Sebitdäki ilkinji ýaşaýşyň galyndylaryna Çukuriçi hoýýugynda gabat gelinýär we hoýýugynyň geçmişi  Gadymy Efes şäherinden has gadymy we 6500-nji ýyla çenli uzap gidýär.

Hoýýukdaky galyndylar sebitdäki ýaşaýşyň haýsy döwre gabat gelýändigi barada maglumat berýär.

 



Degişli Habarlar