Amerikaly aktýor Stiwen Sigal Russiýanyň Daşary işler ministrliginde işlär

Stiwen Sigal 2016-njy ýylda Russiýanyň raýatlygyny alypdy

Amerikaly aktýor Stiwen Sigal Russiýanyň Daşary işler ministrliginde işlär

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda Stiwen Sigalyň soňky wagtlarda gatnaşyklary dartgynlaşan Russiýa bilen ABŞ-niň arasyndaky adam gatnaşyklaryndan jogapkär ýörite wekili wezipesine bellenendigi habar berildi.

Beýanatda: “Stiwen Sigal Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň adyndan medeniýet, sungat, sosial we ýaşlar bilen bagly ugurlarda işlär” diýip bellendi.

BMG-niň Gowy niýet ilçisine meňzeş wezipede işlejek Stiwen Sigalyň ady agzalan işler üçin aýlyk almajakdygy beýan edildi.

Stiwen Sigal 2016-njy ýylda Russiýanyň raýatlygyny alypdy.



Degişli Habarlar