Türkiýä gelen syýahatçylar iýmitlenmek üçin 2,5 milliard dollar sarp etdi

Türkiýä 16 million syýahatçy geldi

Türkiýä gelen syýahatçylar iýmitlenmek üçin 2,5 milliard dollar sarp etdi

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine laýyklykda taýarlanan maglumata görä ýanwar-iýun aýlarynyň arasynda Türkiýä 16 million syýahatçy geldi

Degişli döwürde syýahatçylyk girdejisi 11,5 milliard dollara barabar bolan bolsa, şol mukdaryň 9,4 milliard dollaryny daşary ýurtly syýahatçylar, 2,1 milliard dollaryny bolsa daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlarynyň harajatlary emele getirýär.

Türkiýä glen syýahatçylaryň jemi syýahatçylyk çykdajylarynyň 9,5 milliard dollary şahsy, 2 milliard dollary bolsa gezelenç harajatlary görnüşinde edildi.

Syýahatçyklaryň şahsy harajatlarynda esasy bölegi 2 milliard 491 million dollar bilen iýmitlenmeden ybarat bolan bolsa, 1,7 milliard dollary halkara ulag çykdajysy üçin we 1,4 milliard dollary ýatak jaý üçin edildi.



Degişli Habarlar