Nemrut dagy syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmäge dowam edýär

Milli seýilgäh hökmünde gorag astyna alynan Nemrut dagy Kommagen şalygyna degişli 50 metr belentligindäki heýkelleri bilen ünsleri özüne çekýär

Nemrut dagy syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmäge dowam edýär

Adyýamanyň Kahta etrabynda ýerleşýän “Günüň doguşyna we batyşyna iň gowy ýagdaýda syn edilýän ýer” hökmünde bilinýän BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan Nemrut dagy ünsleri özüne çekmäge dowam edýär.

Milli seýilgäh hökmünde gorag astyna alynan Nemrut dagy Kommagen şalygyna degişli 50 metr belentligindäki heýkelleri bilen ünsleri özüne çekýär.

Türkiýäniň 1987-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawyna kabul edilen üçünji eseri bolan Nemrut dagyna ýanwar-iýun aýlaryny öz içine alýan döwürde 40 müňden gowrak syýahatçy geldi.

Adyýaman welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdüri Mustafa Ekinji Nemrut dagynyň dürli şäherlere guralýan gezelençleriň birleşýän nokadynda ýerleşýändigini we açyk howa muzeýi aýratynlygyna eýedigini nygtady.

Nemrut dagyna gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň 14 müňden geçendigini aýdan Ekinji, daşary ýrutly syýahatçylaryň sanawynda ýaponlaryň esasy orun eýeleýändigini belledi.

 



Degişli Habarlar