Safranbolu Uzak Gündogar ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýär

Taryhy Safranbolu etrabyna 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda 56 ýurtdan syýahatçy geldi

Safranbolu Uzak Gündogar ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýär

 

BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan we “iň gowy ýagdaýda goralyp saklanan 20 şäheriň” hatarynda ýer alýan Karabük welaýatynyň Safranbolu etraby uzak gündogarly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Osmanlynyň arhitekturasyny, şäher durmuşyny we medeniýetini açyk aýdyň görkezýändigi sebäpli “Osmanlynyň barmak yzy” hökünde atlandyrlan, şol döwürden galan hamamlary, kerwensaraýlary, çeşmeleri, metjitleri we köprüleri bilen açyk howa muzeýi bolan Safranbola üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda daşary ýurtly 80 müň syýahatçy geldi.

Injekaýa suw kemeri, Türkiýäniň iň uzyn gowaklaryndan biri bolan Menjilis gowagy, kanýonlary we tebigy gurluşy bilen syýahatçylary taryhyň çuňluklaryna çenli alyp gidýän etaba 6 aýda ýerli 53 müň syýahatçy geldi.

Taryhy Safranbolu etrabyna 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda Hytaý, Amerika, Indoneziýa, Ýaponiýa, Britaniýa, Germaniýa we Russiýa ýaly 56 ýurtdan syýahatçy geldi.

 

 


Etiketkalar: syýahatçy , Safranbolu

Degişli Habarlar