Aýdynda 2 müň ýyllyk 6 heýkel tapyldy

Aýdyn welaýatynyň Germenjik etrabynda 34 ýyldan bäri gadymy Magnesia şäherinde dowam edýän gazuw-agtaryş işlerinde 2 müň ýyllyk 6 heýkel tapyldy

Aýdynda 2 müň ýyllyk 6 heýkel tapyldy

Germenjik etrabynyň Ortaklar mähellesinde Prof. Dr. Orhan Bingöliň ýolbaşçylyk etmeginde gadymy Magnesia şäherinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde taryhy galyndylar tapyldy.

Prof. Dr. Orhan Bingöl Elen-rim döwrüne degişli ybadathanalardan soň Artemisde geçirlen gazuw-agtaryş işlerinde 4 zenan, 1 erkek we jynsyýeti kesgitlenilip bilinmedik 1 heýkeliň tapylandygyny aýtdy.

Bingöl heýkelleriň şol bir ýerde tapylandygyna ünsi çekdi.

 

 


Etiketkalar: heýkel , Aýdyn welaýaty

Degişli Habarlar