Türkiýe Ýewropa ştanga çempionadynda 51 medal aldy

Ýewropa ştanga çempionadynda gatnaşýan türk milli ýygyndy komandasy U15-U17 Ýyldyzlar 51 medal bilen uly rekord goýdy

Türkiýe Ýewropa ştanga çempionadynda 51 medal aldy

Italiýanyň Milan şäherinde geçirlen çempionada gatnaşan milli ştangaçylar 11 altyn, 22 kümüş we 18 bürünç bolmak bilen jemi 51 medal alyp türk ştanga taryhynyň iň uly üstünligini gazandy.

Çempionada 22 ýurtdan 331 türgen gatnaşdy.

Türk milli ýygyndy komandasy  çempionada 16 erkek we 16 zenan bolmak bilen jemi 32 türgen bilen gatnaşdy.

Bäsleşiklerde U17 zenan komandasy 558 bal bilen birinji, 534 bal bilen Gruziýa ikinji, 511 bal bilen İtaliýa üçünji, 471 bal bilen Azerbaýjan dördünji orny eýeledi.

Erkekleriň arasynda 393 bal bilen Ruminiýa birinji, 390 bal bilen Azerbaýjan ikinji, U17 erkek komandasy 342 bal bilen üçünji, 343 bal bilen Ermenistan bolsa dördünji orny eýeledi.

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: medal , ştanga , Milan , Italiýa

Degişli Habarlar