Hytaýda dinozawryň 174 million ýyllyk galyndylary tapyldy

Nature Communication žurnalynda çap edilen ylmy derňewe görä Lingwulong diýip atlandyrylan dinozawryň uzynlygy 10 bilen 15 metr aralygyndady

Hytaýda dinozawryň 174 million ýyllyk galyndylary tapyldy

Kelle çanagy kiçi bolan 70 tonna agyrylygyndaky dinozawryň bu görnüşleriniň kiçiräk toparlar bolup ýaşandyklary beýan edildi.

Ozalky derňewlere görä Lingwulong diýip atlandyrylan bu dinozawryň eýe bolan Diplodokus maşgalasynyň 160 million ýyl ozal ýaşandygy çak edilýärdi.

Emma geçirilen bu soňky ylmy derňew bilen ady agzalan maşgalanyň has gadymy asyrlara degişli bolandygy ýüze çykdy.


Etiketkalar: galyndy , dinozawr , žurnal

Degişli Habarlar