Türk taryh guramasy "Ermeni meselesi" temaly dokumental filmler taýýarlady

Türk taryh guramasy 5 dilde "Ermeni meselesi" temaly 7 bölümden ybarat gysga metražly dokumental filmler taýýarlady

Türk taryh guramasy "Ermeni meselesi" temaly dokumental filmler taýýarlady

Türk taryh guramasy tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda dokumental filmleriň "Ermenileriň Osmanly döwletine garşy gozgalaňy, terror we propoganda" ady bilen ýerli we daşary ýurtly adamlar üçin taýýarlanandygyny belläp: "Türk, iňlis, ispan, nemes we fransuz dillerinde taýýarlanan dokumental filmler: 1. Bölüm 1915 Terror we gozgalaň, 2. Bölüm 1915 Göçürme we ýerleşdirme, 3. Bölüm Diaspora, diplomatiýa we propoganda, 4. Bölüm Asala: Ot we gan, 5. Bölüm: Ýasama resminamalar we hakykatlar, 6. Bölüm Taryhsyz diplomatiýa, 7. Bölüm Ilkinji ot: Musulman jemgyýetine zalymlyk atly bölümlerden ybarat" diýip mälim edildi.  

Beýanatda dokumental filmleriň: http://www.ttk.gov.tr/guncel/ermeni-meselesi-hakkinda-yerli-ve-yabanci-kamuoyunu-bilgilendirmek-amaciyla-hazirlanan-belgesel/ ssylkasyndan tomaşa edip bolýandygy habar berildi. 

 


Etiketkalar: ermeni , dokumental film , gurama , taryh

Degişli Habarlar