Yhlara jülgesine 6 aýda ýerli we daşary ýurtly 220 müň syýahatçy geldi

Yhlara jülgesi ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär

Yhlara jülgesine 6 aýda ýerli we daşary ýurtly 220 müň syýahatçy geldi

 

Türkiýäniň taryhy we tebigy gözellikleri bilen ünsleri özüne çekýän Yhlara jülgesine üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda ýerli we daşary ýurtly 220 müň syýahatçy geldi.

Aksaraý welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdiri Mustafa Dogan welaýatda Yhlara jülgesi, Selime katedraly, Saratly ýerasty şäheri, Sultanhany kerwensaraýy we Somunjubaba türbedi ýaly taryhy ýerleriň ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýändigini aýtdy.

Yhlara jülgesine gelýän syýahatçylaryň sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 26 göterim artandygyny aýdan Dogan sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Yhlara jülgesine gelen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň sany üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 26 göterim artdy. Üztümizdäki ýylyň birinji ýarymynda Yhlara jülgesine jemi 220 müň syýahatçy geldi we ýylyň ahyryna çenli şol sany 500 müňe ýetirmegi maksat edinýäris” diýdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar