Kapadokýa gelýän syýahatçylaryň sany günsaýyn artýar

Ýylyň alty aýynda Kapadokýa 1,3 million syýahatçy geldi

Kapadokýa gelýän syýahatçylaryň sany günsaýyn artýar

Türkiýäniň medeni, taryhy we tebigy baýlyklar taýdan belli merkezlerinden biri bolan Kapadokýa altyn ýyllaryndan birini başdan geçirýär

Piramidalary, tebigy gaýalar bilen gurşalan jülgeleri, ýerasty ýaşaýyş ýerleri, gaýalara oýulyp gurlan taryhy manastyrlary we şar gezelençleri bilen tebigy, medeni we taryhy söýýän syýahatçylary özüne çekýär.

Ýylyň alty aýynda Kapadokýa 1,3 million syýahatçy geldi.

Dünýäniň çar tarapyndan gelen syýahatçylary özüne çekýän tebigy gözelliklere eýe bolan sebitdäki muzeýlere hem uly gyzyklanma bar.

Ýylyň alty aýynda Kapadokýany gezeip gören syýahatçylaryň sany 2016-njy ýylyň degişli döwrüne görä 83, 2017-nji ýylyň degişli döwrüne görä bolsa 35 göterim artdy.



Degişli Habarlar