Şakira şu gün Stambulda konsert berer

Asly Liwanly bolan kolumbiýaly aýdymçy Şakira şu gün agşam Stambulda muşdaklary bilen duşaşar

Şakira şu gün Stambulda konsert berer

Latyn pop we latyn rok aýdymynyň iň möhüm ussatlarynyň biri bolan Şakira “El Dorado” dünýä gastrolynyň çäginde Vodafone Park meýdançasynda çykyş eder.

Maşgalasy bilen bilelikde düýn Türkiýä gelen Şakira 12 ýyl arakesmeden soň ýene-de bir gezek Stambulda konsert berip, çykyş eder.

Şakira karýerasy boýunça "Waka Waka", "Whenever Wherever", "Loca" ýaly meşhur aýdymlary ýerine ýetirip, 12 Gremmi sylagyna laýyk görüldi.


Etiketkalar: Stambul , Liwan , Şakira , Kolumbiýa

Degişli Habarlar