Horwatiýa bilen Angliýa futbol taryhynda 8-nji gezek duşuşyk geçirerler

2018 FIFA Dünýä Kubogynyň ýarym finalynda bäsleşjek Horwatiýa bilen Angliýa futbol taryhlarynda 8-nji gezek duşuşyk geçirerler

1009739
Horwatiýa bilen Angliýa futbol taryhynda 8-nji gezek duşuşyk geçirerler
2018-07-07T210426Z_1110031079_RC195554FF00_RTRMADP_3_SOCCER-WORLDCUP-RUS-CRO.JPG

Russiýanyň paýtagty Moskwadaky Lužniki stadionynda 11-nji iýulda çarşenbe güni geçiriljek duşuşyk Türkiýäniň wagty bilen sagat 21:00-da başlar. 

Duşuşygyň emin agzasy türkiýeli Jüneýit Çakyr bolar. 

Bäsleşik TRT 1 kanalynda göni ýaýlym arkaly görkeziler. 

Horwatiýanyň ýygyndysy bilen Angliýanyň arasynda şu günki güne çenli 5 resmi we 2 taýarlyk bolmak bilen jemi 7 duşuşyk geçirildi. 

Angliýa 7 duşuşygyň 4-sinde ýeňiş gazandy. 

Horwatiýa bolsa 2 duşuşykda ýüstün çykdy.

7 duşuşygyň 1-i deňme-deň tamamlandy. 

 

 



Degişli Habarlar