Dünýa Kubogynyň ýarym finalynda oýnajak ýygyndylar mälim boldy

2018 FIFA Dünýä kubogyndaky çärýek finalyň soňky duşuşyklary boýunça ýarym finala Angliýanyň we Horwatiýanyň ýygyndylary geçdi

Dünýa Kubogynyň ýarym finalynda oýnajak ýygyndylar mälim boldy

Russiýada dowam edýän Dünýä Kubogynda düýn geçirilen ilkinji duşuşykda Şwesiýanyň ýygyndysyny Garri Maguýar we Dele Alliniň geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňen Angliýa Dünýa kubogynyň ýarym finalynda oýnamaga mümkinçilik gazandy.

2018 FIFA Dünýä kubogynda esasy wagty 1-1 we goşamaça wagty 2-2 hasabynda deňme-deň tamamlanan Horwatiýa-Russiýa duşuşygynda penalti urgulary ýerine ýetirildi. Horwatiýa penalti urgulary boýunça Russiýanyň ýygyndysyny 4-3 hasabynda ýeňip, adyny ýarym finala ýazdyrdy.

Şeýlelik bilen Howratiýa adyny ýarym finala ýazdyrdy we kubogyň ýarym final tapgyrynda Angliýa bilen bäsleşmäge hukuk gazandy.

Angliýa bilen Horwatiýa 11-nji iýulda çarşenbe güni Russiýanyň paýtagty Moskwadaky Lužniki stadionynda bäsleşer.

Fransiýa-Belgiýa duşuşygy bolsa 10-njy iýulda sişenbe güni Sankt-Peterburg şäherinde geçiriler.



Degişli Habarlar