Binali Ýyldyrym üçin “Soňky Premýer ministr” atly wideo taýarlandy

Premýer ministrlik Metbugat ofisi tarapyndan soňky Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň durmuşyny suratlandyrýan wideo taýarlandy

Binali Ýyldyrym üçin “Soňky Premýer ministr” atly wideo taýarlandy

Wideoda Erzinjan welaýatynyň Refahiýe etrabynyň Kaýy obasynda 1955-nji ýylyň 20-nji dekabrynda dogulan Binali Ýyldyrymyň Çankaýa köşgüne çenli uzap gidýän durmuşy suratlandyrylýar.

Dogduk ýeri Kaýy obasyndaky Dumanly ýaýlagynda gezelenç edýändigini tomaşa edip bolýan klipde Binali Ýyldyrymyň edil Kaýy begleri ýalydygy aýdylýar.

Binali Ýyldyrymyň Prezident R.T. Erdogan bilen gatnaşan dürli-dürli çäreleriň wideolary we suratlary ulanylan klipde ýurtda ýollaryň, tunelleriň, ýokary tizlikli otlylaryň we mega taslamalaryň çalt depginler bilen durmuşa geçirilen zamanasynda garaňky elleriň hyýahatçylykly meýilnamalary durmuşa geçirmäge synanyşandygy suratlandyryldy.

Wideoda Binali Ýyldyrymyň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanyşygynyň ilkinji pursatlaryndan başlap demokratiýa we milli ygtyýaryň ýeňmegi üçin göreşendigini görüp bolýar.



Degişli Habarlar