2018 FIFA Dünýä Kubogy tamamlanyp barýar

Nobatda çärýek final oýunlary bar

2018 FIFA Dünýä Kubogy tamamlanyp barýar

Futbol muşdaklaryna anna we şenbe günleri 4 duşuşyk garaşýar. 

2018 FIFA Dünýä Kubogynyň başlamagyna 22 gün geçdi

11 gün soň Kubogyň eýesi mälim bolar. 

56 duşuşyk geçirildi, nobatda bolsa ýene-de 8 duşuşyk bar. 

32 ýygyndynyň 24-i öýlerine gaýtdy. 

Soňky dünýä çempiony Germaniýa bilen birlikde Ispaniýa, Argentina we Ýewropa çempiony Portugaliýa hem öýlerine gaýdan ýygyndylaryň arasynda. 

Çärýek final duşuşyklar anna we şenbe güni geçiriler. 

4 duşuşygyň ilkinjisi anna güni Urugwaý bilen Fransiýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçer. 

Ondan soň bolsa ýene-de anna güni Braziliýa Belgiýa bilen bäsleşer. 

Şenbe güni bolsa Şwesiýa Britaniýa, ondan soň bolsa Russiýa Horwatiýa bilen bäsleşer. 

Ähli duşuşyklar TRT 1 we TRT 4 K kanallaryndan göni ýaýlym arkaly görkeziler. 

 



Degişli Habarlar