Woleýbolçy gyzlar çempionlygyň bosagasynda

Woleýbolçy gyzlar Braziliýany 3-0 hasabynda ýeňip final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy

Woleýbolçy gyzlar çempionlygyň bosagasynda

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy Halkara Woleýbol Federassiýasy FIVB Milletler ligasynyň ýarym finalynda Braziliýa bilen duşuşdy.

Hytaýyň ýer eýeçiliginde Nanžing şähede bolan duşuşykda woleýbolçy gyzlar bäsdeşini 3-0 hasabynda ýeňip final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy.

Türkiýe finalda ABŞ-Hytaý bäsleşiginiň ýeňijisi bilen ertir Türkiýe wagty bilen sagat 14.00-da çempionlyk üçin bäsleşer.

 

 



Degişli Habarlar