Ramil Guliýew altyn medalyň eýesi boldy

Türk türgenler 5-i altyn 12 medalyň eýesi boldy

Ramil Guliýew altyn medalyň eýesi boldy

Türk türgen Ramil Guliýew Ispaniýanyň Tarragona şäherinde geçirlen 2018 Ortaýer deňzi oýunlarynda erkekleriň arasynda 200 metre ylgamakda altyn medalyň eýesi boldy.

Türkiýäniň Milli olimpiada komitetinden berlen beýanata görä, 2018 Ortaýer deňzi oýunlarynyň 8-nji gününde türk türgenler 5-i altyn 12 medalyň eýesi boldy.

Atletika boýunça erkekleriň arasynda 200 metrde bäsleşen Ramil Guliýew 20,15-lik derejesli bilen Italiýaly Pietro Menneanyň 35 ýyllyk rekordyny geçip altyn medalyň eýesi boldy.

Dzýudoda zenanlaryň arasynda 78 kilogramlyk agyrlykda Kaýra saýit bilen milli tenisçi Başak Eraýdyn-Ipek altyn medalyň eýesi boldy.

 

 



Degişli Habarlar