Woleýbolçy gyzlar ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy

Türkiýe ýarym finalda ertir A toparyny birinji ýerde tamamlajak Braziliýa ýada Hytaý bilen duşuşar

Woleýbolçy gyzlar ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy

 

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy Hytaýyň ýer eýeçiliginde geçirilýän FIVB Milletler ligasynyň 6-ly final oýunlarynda B toparyny ikinji ýerde tamamlap ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy.

Nanžing şäherinde geçirilýän ligada B toparynyň soňky bäsleşiginde ABŞ bilen Serbiýa duşuşdy.

Bäsdeşini 3-0 hasabynda ýeňen ABŞ 5 bal bilen toparyny ikinji ýerde tamamlady.

Türkiýe bolsa 3 bal bilen toparyny ikinji ýerde tamamlap ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy.

Dünýäniň iň gowy 4 komandasynyň hataryna girmegi başaran Türkiýe ýarym finalda ertir Türkiýe wagty bilen sagat 10.00-da A toparyny birinji ýerde tamamlajak Braziliýa ýada Hytaý bilen duşuşar.

 



Degişli Habarlar