Pogba: "Horwatiýa garşy oýnamak isleýärin" diýdi

Paul Pogba Dünýä Kubogy bilen baglanşykly möhüm beýanatlar berdi

Pogba: "Horwatiýa garşy oýnamak isleýärin" diýdi

Fransiýanyň milli futbol ýygyndysynyň futbolçysy Dünýä kubogynda bije çekilşigiň möhümdigini belläp: "Men indiki tapgyrda Argentinanyň ýerine Horwatiýa bilen oýnamak islärdim" diýdi. 

Fransiýanyň ýygyndysynda iň gowy oýnuny görkezmäge synanyşýandygyny aýdan 25 ýaşyndaky futbolçy Pogba: "Bu Dünýä kubogynda ýeňiş gazanmagy örän isleýärin. Belkem bu meniň soňky dünýä kubogym bolar" diýdi. 

Ilkinji 2 duşuşykda ýeňiş gazanan Fransiýa C toparynda soňky duşuşygynda Daniýanyň ýygyndysy bilen bäsleşer.

 



Degişli Habarlar