Syýahatçylyk pudagynda ähli döwürleriň rekordy goýuldy

5 aýynda Türkiýä 11,8 million syýahatçy geldi

Syýahatçylyk pudagynda ähli döwürleriň rekordy goýuldy

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş ýylyň 5 aýynda Türkiýä 11,8 million syýahatçynyň gelendigini aýtdy

Kurtulmuş: “Şol mukdar ähli döwürleriň rekordy” diýdi.

Ministr Kurtulmuş Stambulda Lütfi Kyrdar adyndaky Halkara maslahatlar we sergi köşkünde geçirilen Syýahatçylyk geňeşiniň maslahatyna gatnaşdy.

2018-nji ýylyň 5 aýynda Türkiýä 11,8 million syýahatçynyň gelendigini beýan eden Kurtulmuş; “Bu san ähli döwürleriň rekordy, sizi gutlaýaryn, geçen ýyl bilen deňeşdirilende-de 30,8 göterimlik artyş. Bu Türkiýe üçin möhüm, hakykatdan hem ählimizi buýsandyrýan netije. Adam başyna düşýän syýahatçylyk girdejimizi ýokarlandyrmak üçin edilýäň tagallalaryň depginini güýçlendireris we Türkiýäniň syýahatçyklyk pudagynda-da güýçli bolmagyny üpjün ederis” diýdi.

Ministr Kurtulmuş ýylyň ahyrynda 40 million syýahatçy we 32 milliard dollar syýahatçylyk girdejisi bilen täze rekord goýmagy nazarda tutýandyklaryny beýan etdi.



Degişli Habarlar