Tähranda Halkara otly gatnawy sergisi açyldy

Eýranyň paýtagty Tähranda “Halkara VI Tähran otly gatnawy sergisi” açyldy

Tähranda Halkara otly gatnawy sergisi açyldy

Tährandaky Halkara sergi merkezinde geçirlen açylyş dabarasyna Eýranyň Mejlisiniň Senagat we Magdan toparynyň agzalary bilen Senagat ministrliginiň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Sergä Eýrandan 200, Türkiýe, Hytaý, Germaniýa, Russiýa we Ispaniýa ýaly birnäçe ýurtdan 90 firma gatnaşýar.

290 firmanyň gatnaşmagynda geçirilýän sergi 23-nji iýuna çenli dowam eder.

 

 

 


Etiketkalar: Eýran , firma , sergi , Tähran

Degişli Habarlar